Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pakistany terrorçylary maliýeleşdirýän ýurtlaryň sanawyna goşmak çäresini yza tesdirdi


Pakistanyň daşary işler ministri Hawaja Asif, Moskwa, 20-nji fewral, 2018

ABŞ-nyň Pakistany terrorçylary maliýeleşdirýän ýurtlaryň sanawyna goşmak ugrundaky hereketi üç aýlyk yza tesdirildi diýip, Pakistanyň resmileri aýtdylar.

Pakistanyň daşary işler ministri Hawaja Asifiň 20-nji fewralda agşam aýtmagyna görä, Maliýe meseleler boýunça gullugyň ABŞ-nyň Pakistany terrorçylygyň maliýeleşdirilmegi bilen bagly meselede ýeterlik çäre görmeýän ýurtlaryň “çal sanawy” diýilýän hasabatyna goşmak boýunça hereketi babatynda dessine çäre görmezlik kararyna gelipdir.

Pakistanyň resmileri ýurduň sanawa goşulmagynyň ykdysadyýete agyr zarba ýetirmeginden howatyrlanyp, geçen hepdede yslamçy lider Hafiz Saeed bilen bagly ynsanperwer guramalaryny gadagan etdiler.

ABŞ Hafiz Saeedi 2008-nji ýylda Mumbaýda 166 adamyň ölümine sebäp bolan hüjüme gatnaşykda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG