Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna partlaýjy serişdesini oklan hüjümçi öldi


ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasy, Podgorisa, 22-nji fewral, 2018
ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasy, Podgorisa, 22-nji fewral, 2018

ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna partlaýjy serişdesini oklan hüjümçi öldi. ABŞ-nyň Çernogoriýadaky ilçihanasyna ýarygije partlaýjy serişdäni oklan hüjümçi binanyň daşynda özüni partlatdy diýip, Balkan ýurdunyň hökümeti aýtdy.

Birleşen Ştatlaryň resmisi Podgorisadaky ilçihanasynda hiç kimiň ýaralanmandygyny aýtdy. Hüjüm 22-nji fewralda gije 12:30-da bolupdyr.

“Näbelli adam partlaýjy serişdeli öz janyna kast etdi” diýlip, hökümetiň Twitter arkaly çap eden beýanatynda aýdylýar. Maglumatda, hüjümçiniň ilçihana oklan guraly elde ýasalan granata bolmagy “örän ähtimal” diýilýär we polisiýanyň hadysany derňäp, hüjümçiniň şahsyýetini we onuň hereketiniň sebäbini anyklamaga synanyşýandygy bellenýär.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Stewe Goldstein şaýatlaryň hüjümçiniň ilçihananyň diwaryndan bir zat oklanyny görendigini aýtdy. Goldstein Döwlet departamentine hüjümçiniň hereketleriniň sebäbiniň nämälim bolandygyny belledi.

Hüjümçiniň jesedi barlanýar diýip, Çernogoriýanyň döwlet prokurory Tanja Golan Deretiç aýtdy.

XS
SM
MD
LG