Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ýene korrupsiýa batan ýurtlaryň arasynda galdy


Aşgabat, ak mermer jaýlaryň arasyndan gelýän ýaşuly.
Aşgabat, ak mermer jaýlaryň arasyndan gelýän ýaşuly.

Hökümetden aýry “Halkara aýdyňlyk” (Transparency International) guramasy 2017-nji ýyl boýunça ýyllyk korrupsiýa görkezijilerini çap etdi.

Bu görkeziji guramanyň öz usuly esasynda, ýurduň içinde we daşynda ýaşýan ekspertleriň we telekeçileriň ýurtdaky korrupsiýa ýagdaýlaryna beren bahalary esasynda düzülýär. Onda ýurtlara 0-dan 100-e çenli ball, dereje berilýär, 0 – döwlet pudagyndaky korrupsiýanyň iň ýokary derejesini, 100 bolsa iň az derejesini aňladýar.

2017-nji ýylda 180 ýurtdaky ýagdaý analizlenip, Türkmenistan 180-den 167-nji orny alyp, iň bir korrupsiýa çümen ýurtlar – Demirgazyk Koreýa, Owganystan, Siriýa, Yrak we Wenezuela bilen bir hatarda goýlupdyr.

Ýogsa Türkmenistan 2017-nji ýylyň maýynda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş yglan edip, onlarça resmini jeneýat jogapkärçiligine hem çekdi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy dereje Gazagystana (122-nji orun) berlipdir. Soň Gyrgyzystan (135), Özbegistan (157) we Täjigistan (161) gelýär.

Bellemeli ýeri, Özbegistan 2016-njy ýyllyň Korrupsiýa indeksinde Türkmenistandan yzdady.

XS
SM
MD
LG