Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Siriýada ‘derhal’ 30 gün ok atyşygy bes etmäge çagyrdy


Siriýaly çagalar keselhanada saglyk bejergisini alýar.
Siriýaly çagalar keselhanada saglyk bejergisini alýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň baş sekretary Antonio Gutteriş Siriýanyň raýat urşunda biri-biriniň garşysyna göreşýän taraplary ýurtda “derhal” 30 gün ok atyşygy bes etmäge çagyrdy.

Gutteriş BMG-niň Adam hukuklary geňeşiniň ýyllyk maslahatynyň açylyşynda çykyş edip, ýardam agentliginiň pitneçileriň kontrollygyndaky Gouta sebitine zerur bolan kömegi eltmäge we bu ýerden agyr ýaralananlary ewakuasiýa etmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu barada Gutteriş, 24-nji fewralda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Siriýanyň konfliktdäki sebitine zerur ýardamlary ýetirmäge we medisina ewakuasiýalaryna rugsat berjek bir aýlyk “gaýragoýulmasyz” ýaraşygy talap edýän rezolýusiýany kabul edenden soň çykyş etdi.

Şeýle-de, bu hereket, aktiwistleriň sözüne görä, Goutada 500-den gowrak adamyň ölümine sebäp bolan bir hepdelik ýiti bombalamanyň yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG