Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýlandda Nawalnynyň derňewindäki "Nastýa Rybka" tutuldy


"Nastýa Rybka". Instagramdan alnan surat.

Taýlandda polisiýa oppozision syýasatçy Alekseý Nawalnynyň soňky raportynda üns merkezinde bolan bir orsýetli zenany tussag etdi. Raporda prezident Wladimir Putiniň öňki ýokary derejeli geňeşçileriniň biriniň bir milliarder metal tütjäri bilen duşuşandygy aýdylýardy.

26-njy fewralda Taýland mediasynda berlen habara görä, 25-nji fewralda kurort Pattaýada bir myhmanhanada jemi on sany rus raýaty tutulypdyr. Tutulanlar özleriniň jynsy gatnaşyklar boýunça ekspertdiklerini we söýgi ugrundan kurs işlerini alyp barýandyklaryny aýdypdyrlar.

Polisiýa salgylanylyp berlen maglumatda tutulanlaryň birine Taýlandda rugsat edilen möhletden artyk galmakda, üçüsine ýurda bikanun girmekde we beýlekilerine hem rugsatsyz işlänlikde günä bildirilýändigi aýdylýar.

YouTube kanalynda ýerleşedirilen wideoda Belarusda doglan we ady “Nastýa Rybka” diýlip berilýän bir aýal görünýär.

Nawalnynyň korrupsiýa garşy guramasy Putiniň ýaranlary barada korrupsiýa bilen baglanyşykly birnäçe raport ýaýratdy. Üstümizdäki aý çykarylan raportda tütjär Oleg Deripaska bilen Kremliň öňki ýokary derejeli geňeşçisi, premýer-ministriň orunbasary Sergeý Prihodko arasynda bir ýahtada bolan duşuşyk dokumentleşdirildi.

18-nji martda geçjek prezident saýlawlaryndan öň çykarylan raportda Rybkanyň Facebook hasabyndan alnan wideolar we suratlar ulanylypdyr.

Orsýetiň Taýlanddaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň başlygy Wladimir Sosnow tutulanlaryň arasynda Rybkanyň hem bardygyny RIA Nowosti habar gullugyna tassyklady.

1999-njy ýyldan bäri ýa prezident ýa-da premýer-ministr bolup işlän Putiniň martda geçjek saýlawda alty ýyllyk möhlete täzeden saýlanjagyna köp şübhe edilenok.

Putine garşy pikirlerini ýaşyrman aýtmakdan saklanmaýan we ençeme gezek uly protestleri gurnan Nawalna maliýe jenaýatçylygynda günäli tapylandygy üçin prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmak gadagan edildi. Emma Nawalny bu özüni saýlawdan çetleşdirmek üçin Kremliň toslap tapan zady diýýär.

XS
SM
MD
LG