Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk serialynyň gadagan edilmegi özbek prezidentiniň yslama täzeçe çemeleşýändigini görkezýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Gadagan söýgi barada söz açýan “Soňsuz söýgi” (Kara sewda) atly türk serialy 70-den gowrak ýurtda höwes bilen tomaşa edilýän telewizion seriallaryň biridir.

Ýöne Özbegistanda agzalýan serial baradaky jedeller ýagdaýy düýbünden üýtgetdi. Bu ýurtda howpsuzlyk gulluklary yslamçy ekstermizme garşy göreş bahanasy bilen dini onýyllyklaryň dowamynda berk gözegçilikde saklap gelýärler.

Hökümet gürrüňi gidýän serialy gadagan etmek boýunça radikal yslamçylaryň-da döwrebap musulmanlaryň-da çagyryşlaryna gulak asdy.

Beýle ýagdaýy 2016-njy ýylda ölen Yslam Karimowyň döwründe asla göz öňüne-de getirmek mümkin däldi. Ozalky prezident 1989-njy ýyldan bäri Özbegistany berk gözegçilikde saklap dine berk uýýan musulmanlara aşa şübheli garaýardy.

Ýöne Karimowyň ölüminden 1 ýarym ýyl soň “Soňsuz söýgüniň” gadagan edilmegi Şawkat Mirziýoýewiň yslama täzeçil çemeleşýändigini görkezýär.

Chatham House-yň Orsýet-Ýewraziýa boýunça programmasynysyň ylmy işgäri Annette Bohr bu gadagançylygyň Mirziýoýewiň “döwrebap yslamyň jemgyýetdäki roluny we abraýyny götermäge synanyşýan” wagtyna gabat gelendigini belleýär.

Häkimiýetler “Soňsuz söýgüden” şikaýat eden radikal yslamçylara boýun bolmazdan, döwletiň resmi yslamçy edarasynda, ýagny Özbegistanyň Musulman ruhanylar müdirliginde döwrebaplary köşeşdirmäge höweslidigini görkezýär, diýip Bohr belledi.

“Yşgyň yzasy”

“Soňsuz söýgi” atly serialda ene-atasy bir gyzy barlykly bir adama durmuşa çykarjak bolýar. Gyz bolsa bir garyp dellegiň ogluna aşyk bolup, şony saýlaýar.

Yşgyň mejbury gatnaşykdan üstün çykýandygyny görkezýän serialda, birini durmuşa çykmaga ýa-da öýlenmäge mejbur etmek, zyna gatnaşayklary, biygtyýar göwrelilik, gabanjaňlyk, hile we özüňi heläklemek ýaly temalar boýunça-da gürrüň gidýär.

2015-nji ýylda Stambulda surata düşürilen bu serial Halkara Emmy sylagyna mynasyp boldy we şondan bäri 50-den gowrak dile, şol sanda arap we pars dillerine terjime edildi.

Bu seriala Owganystanda, Eýranda, Azerbaýjanda, Latin Amerikasynda we Ýakyn Gündogaryň köpsanly ýurdunda, şeýle-de Bosniýa, Kosowo, Albaniýa, Makedoniýa, Serbiýa we Montenegro ýaly Balkan döwletlerinde uly höwes bilen tomaşa edilýär.

Ýöne, ynha Özbegistanda “Sevgi Iztirobi”, ýagny “Yşgyň yzasy” ady bilen 2017-nji ýylyň awgust aýyndan bäri efire berilýän bu serial yslamçylary ynjalyksyzlandyrdy.

Radikal yslamçy Azon.uz sahypasy agzalýan serialy efirden aýyrtmak üçin fewral aýynda girişen kampaniýasynyň dowamynda bäş makala çap edip, olaryň mazmunynda bu serialyň tomaşaçylary “gözleri bilen günä iş edýärler”, bu seriala özbek dilinde ses bermäge gatnaşanlar Gurhanda gadagan edilen haram işi edýärler diýen pikirleri öňe sürdi.

Makalanyň awtory Said Yslam: “Biziň öňümizde iki sany saýlaw bar, ýa biz dini terk ederis ýa-da Allanyň düzgünleri bilen ýaşarys” diýdi.

Ýöne Bohruň aýtmagyna görä, agzalýan serialy Özbegistanda döwletiň gözegçiligindäki Musulman ruhanylarynyň müdirligindäki käbir döwrebap dindarlaram “Günabatryň täsirine düşen serial” diýip tankytlady.

“Bu Özbegistanda diňe bir radikal yslamçylaryň problemasy däl” diýip, Bohr nygtaýar.

Özbegistanda çap edilýän “Qalampir” gazetiniň 14-nji fewralda habar bermegine görä ýurduň premýer ministri Abdullah Aripow döwlet häkimiýetlerine agzalýan serialyň mazmunyny derňemegi, eýsem onuň özbek jemgyýetindäki maşgala gymmatlyklaryna täsirip ýetirip, ýetirmeýändigni anyklamagy tabşyrdy.

Günde iki gezek “Zor TW” hususy telewizion kanalynda efire berilýän “Yşgyň yzasy” hepde aýaklaberende kesildi.

“Zor TW” kanalynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran bir wekili AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde agzalýan serialyň efirden aýrylmagynynyň hökümetiň tabşyrygy bilen berjaý edilendigini tassyklady.

“Zor TW-niň” işgäri “biz şol sebäpden ony togtatdyk” diýdi. “Edil şu wagt biz mundan soň nämäniň boljagyny bilemizok. Biz eýsem munuň hemişelik gadagan edilip edilmändigini, aradan biraz salym wagt geçensoň serialyň efire goýberilmegine rugsatyň çykyp çykmajagy barada hiç zat bilemizok. Biz anyk bir zat aýdyp bilemizok” diýip telewideniýäniň işgäri aýtdy.

Wada berlen özgeriş

Prezident Mirziýoýew Karimowyň repressiw syýasatyny bes etmegi, öz hökümetiniň özbek halkyna hyzmat etjekdigini gaýta-gaýta wada berip gelýär.

Musulman ybadatçylar üçin ýagdaýlar 31-nji ýanwarda has-da üýtgäp başlady. Şonda prezident Mirziýoýew Milli howpsuzlyk gullugynyň başlygy Rustam Inoýatowy işden boşadypdy.

Şondan bäri Mirziýoýew howpsuzlyk gullugynyň güýjüni gowşadyp gelýär. Gullugyň agentlerini “guduz köpekler” atlandyrýar, olaryň işlerini 30-njy ýyllaryň aýaklaryndaky Repressiýa döwri bilen, “Stalinçi beýik terror” bilen deňeşdirýär.

Karimow döwründe Inoýatowyň repressiw howpsuzlyk apparaty radikal yslamyň güýji ele geçirmeginiň hem-de dini ekstremizmiň ýaýramagynyň öňüni aldy.

Ýöne Inoýatow radikal yslamçylar bilen bir hatarda ýönekeý, döwrebap dinçilere-de basyş edip, “ekstremizmde” “aýyplanýan” 17 müň adamlyk gara sanawy düzmekde günäkärlenýär.

ABŞ-niň Döwlet departamenti Özbegistany dini azatlyklar boýunça “aýratyn alada döredýän ýurt” diýip yglan etdi. Sebäbi Inoýatowyň howpsuzlyk apparatynyň binýadyndaky Döwletiň dini komiteti ýurtda diniň berjaý edilişine berk gözegçilik edýärdi.

Şeýle-de, “Amnesty International” ýa-da “Human Rights Watch” ýaly toparlar hem Inoýatowyň agentlerinini yslamçylary, şol sanda žurnalistleri, syýasy oppozisiýasynyň agzalaryny we hukuk goraýjy aktiwistleri tussag edip, gynamakda aýyplaýar.

Inoýatowy işden boşadonsoň Mirziýoýew Özbegistanda hereket edýändigi öňe sürülýän ekstremist yslamçylaryň gara sanawyndan 16 müň adamyň adyny pozdurdy.

Yslam akademiýasy

20-nji fewralda Mirziýoýew Howpsuzlyk gullugynyň binýadyndaky Dini komitetiň güýjüni elinden aldy; guramanyň işlerini duruzdy, ony ýurtda dini bilime, neşirlere we ýygnanyşyklara gözegçilik etmek hukugyndan mahrum etdi we guramanyň ýolbaşçysy Aýdarbek Tulepowy, ornuna hiç kimi bellemezden işden boşatdy.

Şeýle-de Mirziýoýew ýörite yslamy öwreniş ýokary okuw akademiýasyny döretdi.

Ýurduň Buharada ýerleşýän iň gadymy medresesi hem ýokar okuw jaýyna, bilim-terbiýeçilik edarasyna öwrüldi.

“Bu ýerde baş maksat ekstremistlere garşy belli bir derejede sowatly teologlary taýýarlap, halka yslamyň has sowatly wersiýasyny hödürlemek” diýip, Bohr AÝ/AR bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Ol ýerde ululy kiçili başga-da käbir çäreler görüldi, bularyň ählisi yslamyň has döwrebap görnüşini wagyz etmegi göz öňünde tutýar” diýip, Bohr belledi.

Beýleki bir aýratyn bellemeli özgeriş garaşsyz Özbegistanyň ilkinji müftüsi dini alym Şeýh Muhammet Sodik Muhammet Ýusuf barada bolup geçdi.

Haçan-da Şeýh Muhammet Sodik 2015-nji ýylyň fewral aýynda aradan çykanda Karimowyň döwründäki döwlet gazetleri onuň adynam agzamady.

Onuň ölüminiň üçünji ýyldönüminde ozal onuň adyny agzamadyk neşirler bu sapar müftüni öwüp arşa çykardylar, onuň hatda komunizm döwründe-de dine berlip ýaşandygyny aýtdylar.

9-njy fewralda Mirziýoýew Taşkentde täze gurlan bir metjidi Şeýh Muhammet Sodigiň hormatyna bagş etmegi tabşyrýan buýruga gol çekdi we onuň durmuşda gazanan üstünliklerini beýan edýän dokumental filmiň düşürülmegi tabşyrdy.

Ýanwar aýynda Özbegistanyň hökümeti ýurtda ýaş ösdürimleriň arasynda Gurhandan aýat okamak bäsleşigini yglan etdi. Ýöne, bu ýaryşda-da korrupsiýa ýüz berlendigi çaklanýar.

Töwekgelçilikli söwda

Özbegistanda yslam öz köküni güýçli geçmişden alyp gaýdýan-da bolsa, käbir özbek raýatlary ýurduň şu wagta çenli berk gözegçilik astynda saklanan dini syýasatynda durmuşa geçirilýän üýtgeşmelere howatyrly çemeleşýärler.

Tankytçylar Mirziýoýewiň liberal demokrat däldigini, onuň öz hökümetini “halkyň hyzmatynda” goýjakdygy barada edýän çykyşlaryna we wadalaryna habardar çemeleşmelidigini aýdýar.

Mirziýoýewiň esasy aladasy ýurda has köp daşary ýurt maýadarlaryny çekip, döwletiň ykdysady mümkinçiliklerini güýçlendirmegi we hyzmatdaşlarynyň sanyny köpeltmegi öz içine alýar, diýip tankytçylar aýdýarlar.

Dilorom Işokowa Özbegistanda uzak ýyllaryň dowamynda adam hukuklaryny gorap çykyş eden-de bolsa, ol AÝ/AR bilen gürrüňdeşlikde döwlet edaralarynda döwrebap musulmanlarynyň golunyň güýçlendirilmegine howatryly çemeleşýändigini aýtdy.

“Ýadyňyza düşýän bolsa prezident Karimow hem ilkibaşda dine has köp erkinlik berip başlapdy. Ýöne ol boljak zatlara göz ýetirensoň, hemme zady yza saratmaly boldy” diýip, Işokowa aýdýar.

“Indi, eger-de ýagdaýlar häzirki ýaly dowam etse Şawkat Mirziýoýewiň soňy hem şeýle bolar. Sebäbi, [radikallara] erkinlik beren badyňa olar “Soňsuz söýgi” ýaly telewizion seriallara hüjüm edip başlaýarlar. Soňra olar telewizion kanallara, gazetlere we aýallaryň hukuklaryna hüjüm edip başlarlar” diýip, Işokowa duýdurýar. “Men Mirziýoýew şonda ýagdaýa gözegçilik edip bilmez diýip ünjä galýaryn” diýip, aktiwist sözüniň üstüni ýetirýär.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Daşoguz welaýatyndaky çeşmeleri özbek telekanaly arkaly gürrüňi edilýän türk serialyna daşoguzlylaryň hem ençemesiniň tomaşa edendigini aýtdylar. “Internet we internetden tomaşa etmek elýeterli bolmansoň, häzir daşoguzlylar [bu serialyň] diskini gözleýärler” diýip, adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran çeşmämiz gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG