Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin ABŞ gatyşmasynda aýyplanan orsýetlileriň günäsine subutnama talap edýär


Rus prezident Wladimir Putin Moskwada guralan ýygnanyşykda söz sözleýär. 3-nji mart, 2018.
Rus prezident Wladimir Putin Moskwada guralan ýygnanyşykda söz sözleýär. 3-nji mart, 2018.

Prezident Wladimir Putin Orsýetiň, eger-de olar rus kanunlaryny bozmadyk bolsalar, ABŞ-nyň prezident saýlawlaryna gatyşmakda aýyplanan orsýetlilere garşy çäre görmejekdigini aýtdy.

Putin NBC News bilen 2-nji martda efire berlen söhbetdeşliginde Orsýete ABŞ-nyň ýörite ýuridiki geňeşçisi Robertt Mýuller tarapyndan geçen aýda, hamala, 2016-njy ýyldaky saýlawlara gatyşmakda aýyplanan 13 orsýetliniň we üç rus kompaniýasynyň eden günäsi barada Orsýete resmi subutnama berilmändigini, olaryň ekstradisiýa edilmeginiň talap edilmändigini aýtdy.

"Eger olar rus kanunçylygyny bozmadyk bolsalar, muňa jogap berip bilmeýäris” diýip, Putin NBC-ä aýtdy.

"Gowy bilim alan adamlar biziň Orsýetde rus kanunlaryny bozmadyk adamlary jogapkärçilige çekip bilmejegimize gowy düşünmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

"Orsýet Federasiýasynyň Baş prokuraturasyna resmi talap gelmeli. Bize dokumentleri beriň, resmi talaby beriň” diýip, Putin aýtdy.

Putiniň bu sözleri Orsýetiň Mýulleriň aýyplamasynda ady getirilýän rus raýatlaryny ABŞ-a tabşyrjaga meňzemeýändigini tassyk edýär.

XS
SM
MD
LG