Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniaýa we horwat uruş weteranlary protestlerini dowam etdirýärler 


Bosniýa-Herzegowina. Uruş weteranlary protest bildirýär. Arhiw suraty
Bosniýa-Herzegowina. Uruş weteranlary protest bildirýär. Arhiw suraty

Bosniýa-Herzegowinada polisiýa bilen ýurduň 1992-95-nji ýyllardaky urşunyň ýüzlerçe weteranynyň arasyndaky gapma-garşylyk dowam edýär, olar has köp hukuk, şol sanda ýokarlandyrylan sosial kömek üçin protest bildirýärler.

3-nji martda ýerli we federal polisiýa demirgazykdaky Tuzla şäheriniň golaýyndaky esasy ýoluň çatrygyndaky petigi aýranda we birnäçe adamy gysga wagt tussag edende, azyndan iki adam ýaralandy.

Doly söweş eşigini geýen ýörite güýçler soňra protestçileri Bosniýanyň demirgazykdan günorta uzaýan esasy ýolunyň ugry bilen has yza iteklediler.

Ozalky Bosniýa goşunynyň we Horwat goranyş geňeşiniň demobilizlenen söweşijileri Tuzla, Zenica we Doboj şäherleriniň ýollaryny, şeýle-de Sarajewodan Konjise uzaýan esasy ýoly bagladylar.

Bosniýaly we bosniýaly horwat uruş weteranlary kanun çykaryjylaryň öz talaplaryna jogap bermegini talap edýärler. Olar işsiz weteranlaryň her birine aýda 326 bosniýa markasynyň ($203) tölenmegini soraýarlar.

XS
SM
MD
LG