Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň polisiýasy orsýetli öňki gizlin agentiň agyr ýagdaýdadygyny aýdýar


Pensiýadaky polkownik Sergeý Skripal, Moskwa
Pensiýadaky polkownik Sergeý Skripal, Moskwa

Britaniýanyň polisiýasy orsýetli öňki gizlin agent Sergeý Skripal diýlip tanadylan adamyň birden we agyr hassa bolmagynyň sebäplerini derňeýär, we "howply ýagdaýa taýýarlyk derejesine getirildi" diýip, terrora garşy göreş boýunça baş resmi aýtdy.

Mark Rowleý bu çykyşyny 6-njy martda, agyr ýagdaýda galýan 60 ýaşlaryndaky erkek adamyň we 30 ýaşlaryndaky aýalyň huşuny ýitirip, Angliýanyň günbataryndaky Salisbury şäherinde söwda merkezinde tapylmagyndan iki gün geçensoň etdi.

“Biz şaýatlar bilen gepleşdik, biz ýagdaýyň ýüze çykan ýerinde sud-medisina barlaglary üçin nusgalary aldyk, biz toksikologiki işleri geçirýäris we olar bize jogap tapmaga kömek eder, diýip Rowleý aýtdy.

Günüň dowamynda BBC agentligi Skripal bilen bile tapylan agyr ýagdaýdaky zenanyň onuň 33 ýaşly gyzy Ýuliýa Skripaldygyny habar berdi.

Media maglumatlarynda agzalan adamyň Orsýetiň GRU harby aňtaw agentliginiň öňki polkownigi 66 ýaşly Skripaldygy aýdylýar. Skripal 2006-njy ýylda Orsýetiň döwlet syrlaryny Britaniýa paş etmekde aýyplanypdy, emma türmeden boşadylyp, 2010-njy ýylda gizlin agentleriň çalyşygynda Günbatara iberilipdi.

Gümürtik ýagdaýda ýüze çykan bu waka Orsýetiň öňki howpsuzlyk agenti Aleksandr Litwinenkonyň ykbaly bilen deňeşdirilýär. Litwinenko radioaktiw polonium-210 serişdesi bilen zäherlenip, 2006-njy ýylda Londonda aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG