Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkarlar sowet döwründäki deportasiýanyň 74-nji ýyldönümini belleýärler


Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Kabardino-Balkariýanyň kartasy
Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Kabardino-Balkariýanyň kartasy

Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz regiony Kabardino-Balkariýadaky balkarlar sowet lideri Iosef Stalin tarapyndan özleriniň Merkezi Aziýa köpçülikleýin deportasiýa edilmeginiň 74-nji ýyldönümini belleýärler.

Balkarlar türki dilli we aglaba musulmanlardan ybarat etniki topar bolup, olaryň sanynyň 110 müň adama barabardygy çaklanylýar.

8-nji martda sebitiň metjitlerinde 1944-1957-nji ýyllar aralygynda Gazagystana we Gyrgyzystana deportasiýa edilen mahaly aradan çykan adamlaryň hormatyna doga-dilegler edildi.

Kabardino-Balkariýanyň lideri Ýuriý Kokow deportasiýany “[sowet] režiminiň jenaýatçylykly dolandyryşy tarapyndan amala aşyrylan aýylganç jenaýat” diýip häsiýetlendirdi.

1944-nji ýylyň 8-nji martynda Staliniň hökümeti tarapyndan 38 müň çemesi balkar Merkezi Aziýa deportasiýa edilipdi. Olaryň ýarysyndan gowragy aýal-gyzlar we çagalardy. Staliniň hökümeti olary nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmekde aýyplapdy.

XS
SM
MD
LG