Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ýadro ýaraglaryndan saplanmak üçin Demirgazyk Koreýanyň Kimi bilen duşuşar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň ýanaşyk suraty.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Unyň ýanaşyk suraty.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Koreýa ýarymadasyny ýadro ýaraglaryndan saplamak ylalaşygyny gazanmaga çalyşmak üçin maý aýynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşmaga razy boldy diýip, Günorta Koreýanyň uly derejeli resmisi Ak tamda Tramp bilen duşuşandan soň aýtdy.

"Men prezident Trampa özümiziň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un bilen duşuşygymyz barada gürrüň berdim, Kim özüniň ýadro ýaraglaryndan saplanmaklyga ygrarlydygyny aýtdy” diýip, Günorta Koreýanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Çung Eui-ýong aýtdy. Ol golaýda Phenýana sapar edipdi.

"Kim Demirgazyk Koreýanyň mundan aňryk ýadro we raketa synaglaryndan saklanjakdygyny wada berdi” diýip, Çung aýtdy. "Prezident Tramp bu habara ýokary baha berdi we özüniň ýadro ýaraglaryndan hemişelik saplanmagy gazanmak üçin maýda Kim Jong Un bilen duşuşmakçydygyny aýtdy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Geçen ýyl bir-birini kemsidip, ýiti sözler bilen kesekleşen we dünýä ýüzünde uruş aladalaryny güýçlendiren Kim bilen Trampyň arasyndaky duşuşyk Demirgazyk Koreýanyň ABŞ topraklaryna baryp ýetýän ýadro raketalaryny edinmek tagallalary sebäpli dörän dartgynly gapma-garşylygy aradan aýyrmak aladalaryndaky aýgytly öňegidişlik bolup durýar.

Ak tam we Günorta Koreýa, duşuşyk barada razylaşylmagyna garamazdan, özleriniň Demirhgazyk Koreýa garşy girizilen berk sanksiýalary saklap galjakdyklaryny aýtdylar. Şeýle-de olar entek duşuşygyň boljak ýeriniň kesgitlenilmändigini bellediler.

"Uly öňegidişlik gazanyldy, emma sanksiýalar ylalaşyk gazanylýança saklanyp galar” diýip, Tramp twitterde ýazdy.

"Basyş Demirgazyk Koreýanyň sözleri bilen işi bir-birine gabat gelýänçä dowam etdiriler” diýip, Çung aýtdy we Kimiň Birleşen Ştatlar bilen Günorta Koreýanyň gepleşikler mahalynda bilelikdäki harby maşklary dowam etdirmegine hem razy bolandygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG