Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň goranmak sekretary garaşylmadyk sapary bilen Owganystana bardy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattis, Kabul, 13-nji mart, 2018
ABŞ-nyň döwlet sekretary Jim Mattis, Kabul, 13-nji mart, 2018

ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Owganystana eden öňünden yglan edilmedik saparynyň dowamynda ýurtda dowam edýän uruşyň netijelerine we “Talybany” owgan hökümeti bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere çekmek boýunça tagallalaryň perspektiwalaryna üns berdi.

Mattisiň 13-nji martda eden duýdansyz sapary ABŞ-nyň Owganystanda 16 ýyl bäri dowam edýän uruşa täze serişde ýatyrýan wagtyna gabat geldi.

Owganystanyň paýtagtyna gonmagynyň öňüsyrasynda Mattis ABŞ-nyň talyban söweşijileriniň “kiçi toparlaryndan” zorlugy bes etmek boýunça gepleşiklere gyzyklanmasynyň yşaratlaryny görýändigini žurnalistlere aýtdy.

28-nji fewralda Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani “Talybana” özbaşdak syýasy partiýa hökmünde özüni yglan etmäge rugsat bermegi teklip etdi. Gani “Talybanyň” hökümet bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere girişen ýagdaýynda, bu söweşiji topara garşy sanksiýalary ýatyrmak ugrunda işlemegi wada berdi.

Emma “Talyban” Günbatar tarapyndan goldanýan owgan hökümeti bilen göni gatnaşyklara isleg bildirmeýär we ony bikanun atlandyrýar.

XS
SM
MD
LG