Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet mediasy türkmenistanly öýsüziň Moskwada adam öldürendigini habar berýär


Moskwa, 6-njy mart, 2018.

Türkmenistanly öýsüz Moskwanyň ýaşaýjysyny öldürdi diýlip, Orsýetiň media serişdelerinde habar berildi.

Orsýet metbugatynyň maglumatlarynda aýdylyşyna görä, 9-njy martda Moskwanyň günorta böleginde Klenowyý bulwar köçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň birinde adam öldürmekde güman edilip, Türkmenistanyň 30 ýaşly raýaty saklanypdyr.

Bedeniniň ençeme ýerine birnäçe gezek pyçak urlup öldürlen adam 28 ýaşly Boris Ž. diýlip habar berilýär. Ony öldürmekde aýyplanýan türkmenistanlynyň Moskwada registrasiýasyz ýaşandygyny bellenýär.

Media maglumatlaryna görä, ganly waka sebäp bolan ýagdaýlar derňelýär.

XS
SM
MD
LG