Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DFB-iň (FBI) direktorynyň orunbasary wezipesinden çetleşdirildi


Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) direktorynyň ozalky orunbasary Andrew McKabe.

ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) direktorynyň orunbasary Andrew McKabeýi eýeleýän wezipesinden boşatdy.

Mundan owal, prezident Donald Tramp özüniň saýlaw kampaniýasy bilen Russiýanyň arasyndaky arabaglanyşyklar boýunça alnyp barylýan derňewlerde McKabeýi “tarapgoýlikde” aýyplapdy.

Sessions McKabeýiň Derňewler boýunça Federal Býuronyň baş inspektorynyň we Professional jogapkärçilik boýunça edarasynyň rekommendasiýalary esasynda wezipesinden boşadylandygyny mälim etdi.

Sessions Derňewler boýunça Federal Býuronyň derňewçileriniň “Jenap McKabeýiň habar agentliklerine rugsat berilmedik habarlary syzdyrandygy we ençeme ýagdaýda – kasam edendigine hem garamazdan – ýeterlik derejede açyklyk görkezmändigi netijesine gelendiklerini” aýtdy.

Mundan dokuz aý ozal, prezident Tramp Derňewler boýunça Federal Býuronyň ýolbaşçysyny wezipesinden çetleşdiripdi. Munuň yz ýany, Kongres Russiýa boýunça derňewleri geçirmek üçin ýörite geňeşi esaslandyrdy.

McKabe 50 ýaşamagyna, ýagny Derňewler boýunça Federal Býurodan resmi taýdan doly pensiýa bilen çykmagyna iki gün galanda wezipesinden çetleşdirildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG