Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp DFB-iň (FBI) direktorynyň orunbasarynyň çetleşdirilmegini gutlady


Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) direktorynyň ozalky orunbasary Andrew McKabe.
Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) direktorynyň ozalky orunbasary Andrew McKabe.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Derňewler boýunça Federal Býuronyň (FBI) direktorynyň orunbasary Andrew McKabeýi eýeleýän wezipesinden boşadylmagyny gutlady. Bu aralykda, demokratlar we beýleki tankytçylar bu ädimiň syýasy matlap bilen edilendigini aýdyp, muny tankytladylar.

Tramp özüniň Twitter hasabynda Andrew McKabeýiň boşadylmagyny “Demokratiýa üçin uly gün” diýip, atlandyrdy. Şeýle-de, ol “Derňewler boýunça Federal Býuronyň ikinji adamy Býuronyň ýokary derjesinde bolup geçýän ýalanlar we korrupsiýa barada habarlydy” diýip, ýazgy galdyrdy.

Mundan owal, ABŞ-nyň baş prokurory Jeff Sessions Andrew McKabeýi eýeleýän wezipesinden boşadypdy.

Prezident Tramp özüniň saýlaw kampaniýasy bilen Russiýanyň arasyndaky arabaglanyşyklar boýunça alnyp barylýan derňewlerde McKabeýi “tarapgoýlikde” aýyplapdy.

Sessions McKabeýiň Derňewler boýunça Federal Býuronyň baş inspektorynyň we Professional jogapkärçilik boýunça edarasynyň rekommendasiýalary esasynda wezipesinden boşadylandygyny mälim etdi.

Sessions Derňewler boýunça Federal Býuronyň derňewçileriniň “Jenap McKabeýiň habar agentliklerine rugsat berilmedik habarlary syzdyrandygy we ençeme ýagdaýda – kasam edendigine hem garamazdan – ýeterlik derejede açyklyk görkezmändigi netijesine gelendiklerini” aýtdy.

Derňewler boýunça Federal Býuroda 21 ýyl işlän McKabe öz gezeginde bulary ret etdi.

McKabe 50 ýaşamagyna, ýagny Derňewler boýunça Federal Býurodan resmi taýdan doly pensiýa bilen çykmagyna 26 sagat galanda wezipesinden çetleşdirildi.

XS
SM
MD
LG