Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystanynyň şazadasy Ak Tamda Eýran meselesini maslahat eder


Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammad bin Salman
Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammad bin Salman

Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammad bin Salman 20-nji martda Ak Tama sapar eder we Eýranyň dünýäniň iň täsirli alty ýurdy bilen 2015-nji ýylda baglaşan ýadro ylalaşygyna degişli “kemçiliklere” we Eýranyň Ýakyn Gündogardaky konfliktlere goşulyşmagyna degişli, taraplaryň umumy maksatlary barada pikir alyşar diýlip, resmi maglumatlarda habar berildi.

“Biziň ýadro ylalaşygy baradaky garaýyşymyza görä, ol kemçilikli ylalaşykdyr” diýip, Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Abdel al-Jubeir 19-njy martda Waşingtonda žurnalistlere aýtdy. Ol ozal ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Eýranyň ýadro ylalaşygyny ýazgaryp, eden çykyşynda aýdan sözlerini ulandy.

Tramp geçen ýylda döwlet başyna geçende ilkinji daşary ýurt saparyny Saud Arabystanyna edipdi we şonda Riýadyň we Waşingtonyň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygyny, şeýle-de Eýran ýaly meseleler boýunça umumy maksatlary dogrusynda işleşjekdigini aýdypdy.

“Biz Eýran babatynda has berk syýasata ýyllarboýy çagyryş edip geldik” diýip, Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Abdel al-Jubeir aýtdy.

“Biz Eýranyň regiondaky erbet hereketlerinde gaýtargy bermek üçin ýollary gözleýäris” diýip, Jubeir Tähranyň Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän graždan urşunda prezident Başar al-Assadyň hökümetine goldaw berýändigini we Ýemende şaýylaryň "Huthi" gozgalaňçylaryna ýardam berýändigini belledi.

Jubeir Eýranyň regiona “garaňkylyk bilen seredýändigini” öňe sürdi we “ýagtylyk mydama garaňkylykdan üstün çykýar” diýip belledi.

Eýran bu çykyşlary dessine kommentirlemedi.

Tähran regionyň işlerine goşulyşýandygy barada Saud Arabystany tarapyndan öňe sürülýän aýyplamalary ret edýär, şeýle-de, Trampyň halkara ýadro ylalaşygyna girizmegi isleýän üýtgetmelerine garşy çykýar.

XS
SM
MD
LG