Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýanyň premýer-ministri ÝB liderlerinden Russiýany ‘ýazgarmagy sorar’


Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (sagda)
Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (sagda)

22-nji martda Britaniýanyň premýer-ministri Tereza Meý (Theresa May) Ýewropa Bileleşiginiň beýleki liderlerini öňki içaly Sergeý Skripalyň we onuň gyzynyň nerwleri ysmaz edýän, ölüm howply gaz bilen zäherlenmegi bilen baglanyşykly Russiýany ýazgarmaga çagyrar diýlip, media maglumatlaryna habar berilýär.

Brýusselde geçirilýän sammitde Meýiň Ýewropa Bileleşiginiň liderlerinden etjek bu talabyna Russiýanyň bileleşikdäki käbir ýaranlarynyň garşylyk görkezmegine garaşylýar diýlip, media serişdeleri ýokary derejeli britan resmisine salgylanyp ýazýarlar.

“Biz gapma-garşylyga ýa-da režimi üýtgetmäge çalyşmaýarys” diýip, ýokary derejeli hökümet resmisi Londonda habarçylara beren maglumatynda aýtdy. Ýöne Britaniýa Ýewropa Bileleşiginiň beýleki liderlerinden “Russiýanyň strategik hyzmatdaş däl-de, strategik duşmandygyny” ykrar etmegini isleýär diýip, resmi belledi.

Meý Russiýany Skripaly we onuň gyzyny “nowiçok” diýlip atlandyrylýan we nerwleri ysmaz edýän gaz bilen zäherlemekde aýyplady. Bu II Jahan urşundan bäri Ýewropada şeýle gazyň ilkinji gezek ulanylandygyny aňladýar.

Russiýa öňki içaly Skripalyň we onuň gyzynyň zäherlenmegine hiç hili gatnaşygynyň ýokdugyny yzygiderli tekrarlady.

XS
SM
MD
LG