Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýanyň armiýasy Damaskyň etegindäki territoriýalarda öz kontrollygyny gaýtadan dikeltdi


22-nji martda 30 çemesi awtobusa mündirilen pitneçi söweşijiler we olaryň maşgala agzalary Goutadaky Harasta şäherçesini terk etdiler.
22-nji martda 30 çemesi awtobusa mündirilen pitneçi söweşijiler we olaryň maşgala agzalary Goutadaky Harasta şäherçesini terk etdiler.

Siriýanyň pitneçi söweşijileri gündogar Goutadaky bir enklawy ewakuasiýa edip, Russiýanyň araçylyk etmegindäki ylalaşygyň çäginde ýene bir territoriýany terk etmek barada ylalaşdylar. Bu bolsa, hökümet güýçleriniň Damaskyň etegindäki territoriýalaryň uly böleginde öz kontrollygyny dikeltmäge mümkinçilik döretdi diýip, uruş synçylary aýdýarlar.

Başar al-Assadyň oppozisiýasynyň ýurduň demirgazyk-günbatarynda we günorta-günbatarynda birnäçe galalary henizem saklanýan bolsa-da, 23-nji martdaky özgerişlikler Siriýanyň prezidentini, 2016-njy ýylyň dekabrynda Aleppodan ýaragly pitneçiler kowlup çykarylany bäri, özüniň iň uly ýeňşine tarap ýakynlaşdyrdy.

18-nji fewraldan bäri günorta Goutada amala aşyrylýan we Russiýa tarapyndan goldanylýan ýowuz hökümet hüjümlerinde 1,600-dan gowrak adam öldi we Damaskyň etegindäki territoriýalaryň 90%-ni hökümetiň kontrollygyna geçdi diýip, Siriýanyň Adam hukuklary baradaky obserwatoriýasy aýtdy.

22-nji martda 30 çemesi awtobusa mündirilen pitneçi söweşijiler we olaryň maşgala agzalary Goutadaky Harasta şäherçesini terk etdiler. Siriýanyň döwlet mediasynyň maglumatyna görä, awtobuslarda 1,580 adam, şol sanda 413 sany söweşiji bolup, olaryň ýurduň demirgazyk-günbataryna howpsuz ýagdaýda geçmegi üpjün edildi.

Hüjümleriň başynda Birleşen Milletler Guramasy Siriýanyň gabawdaky territoriýalarynda 400,000 adamyň iýmitsiz we dermansyz galandygyny çaklapdy.

XS
SM
MD
LG