Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Birleşen Ştatlaryň 10 eýranla garşy girizen sanksiýalaryny tankyt edýär


Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gassemi
Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gassemi

24-nji martda Eýran döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän uly göwrümli haker we intellektual emläk ogurlygyna gatnaşygy bardygy aýdylyp, Birleşen Ştatlar tarapyndan özüniň 10 raýatyna we eýranly bir kompaniýa täze sanksiýalaryň girizilmegini tankyt etdi.

23-nji martda Birleşen Ştatlaryň Hazyna departamenti, ýagny Maliýe ministrligi Eýranyň Rewolýusiýa gwardiýasy üçin ýüzlerçe uniwersitete haker hüjümini etmekde aýyplap, “Mabna institutyna” we dokuz eýranla garşy aýyplama bildirdi.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Bahram Gassemi aýyplamalary “galp” diýip häsiýetlendirdi.

“Eýran Birleşen Ştatlaryň öjükdiriji, bikanun we esassyz hereketlerini ýazgarýar. Bular Birleşen Ştatlaryň liderleriniň eýranyň halkyna garşy duşmançylygynyň täze möhüm alamaty bolup durýar” diýip, Gassemi ministrligiň websaýtynda çap edilen beýanatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG