Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wolokolamskda “ýokary hüşgärlik” yglan edildi


Wolokolamskyň ýaşaýjylary "bizi öldürmäň" şygarly plakatlary saklap, protest geçirýärler. 21-nji mart, 2018 ý.
Wolokolamskyň ýaşaýjylary "bizi öldürmäň" şygarly plakatlary saklap, protest geçirýärler. 21-nji mart, 2018 ý.

Russiýanyň Wolokolamsk sebitinde ýerli resmiler zir-zibil zyňyndylaryndan syzyp çykan toksik buglary sebäpli, regionda “ýokary hüşgärligi” yglan etdiler we ýaşaýjylara zäherleýji gazlardan goranyş maskalary we respiratorlary paýlap berdiler.

Moskwanyň 120 km günbatarynda ýerleşýän 20 müň töweregi ilatly Wolokomaskda 29-njy martda ýaşaýjylar adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilmegini talap edip, ýöriş geçirdiler.

Ýaşaýjylar 1-nji aprelde hem ýöriş geçirip, zir-zibil zyňylýan ýeriň ýapylmagyny gazanjak bolýarlar.

Geçen hepde, onlarça çaga 2008-nji ýylda açylan Ýadrowo zir-zibil zyňylýan ýerden çykan toksik buglary sebäpli dörän baş aýlanamalary we ýürek bulanmalary üçin keselhana ýerleşdirilipdi.

Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 30-njy martda howanyň hapalygynyň kesgitlenen normalardan geçmeýändigi üçin, adatdan daşary ýagdaýy yglan edip, ýaşaýjylary ewakuasiýa etmäge zerurlygyň ýokdugyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG