Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Kemerowa regionynyň gubernatory heläkçilikli ýangyndan soň işden çekildi


Aman Tuleýew
Aman Tuleýew

Orsýetiň Kemerowa regionynyň gubernatory söwda merkezinde bolan ýangynda 64 adamyň, şol sanda onlarça çaganyň heläk bolmagynyň yzysüre işden çekildi.

Sibir regionynyň adminstrasiýasy 1-nji aprelde gubernator Aman Tuleýewiň “öz haýyşy boýunça” Orsýetiň prezidenti Wladimir Putine işden çekilmek baradaky arzasyny gowşurandygyny aýtdy.

Tuleýew we onuň golasty işgärleri bu betbagtçylyga çemeleşişleri bilen baglylykda, şol sanda jemgyýetçiligiň gahar-gazabyny syýasy pursatparazlyk hökmünde häsiýetlendirendikleri üçin berk jemgyýetçilik tankydyna sezewar boldy.

Regional adminstrasiýanyň websaýtynda çap edilen wideoda gubernator özüniň bu ölümli hadysadan soň işden çekilmeginiň “ýerlikli, oýlanyşykly we ýeke-täk dogry karar” boljakdygyny aýtdy.

73 ýaşyndaky Tuleýew regionyň gubernatory wezipesinde 1997-nji ýyldan bäri işleýärdi.

25-nji mart agşamy “Zimnaýa wişnýa” söwda merkezinde bolan ýangynda, resmi maglumata görä, 64 adam, şol sanda azyndan 41 çaga heläk boldy, ýaraly bolan 76 adamyň 25-si hassahana ýerleşdirildi.

XS
SM
MD
LG