Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşmirde hindi polisiýasy bilen protestçileriň arasyndaky çaknyşyklarda 20 adam öldi


Hindistanyň Serhet howpsuzlyk güýçleriniň agzalary
Hindistanyň Serhet howpsuzlyk güýçleriniň agzalary

Kaşmiriň Hindistan tarapyndan dolandyrylýan territoriýasynda protestçiler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 20 adam öldi.

1-nji aprelde häkimiýetler günorta Srinagardaky ýowuz uruşda üç hindi esgeriniň, 13 şübheli söweşijiniň we parahat ilatdan dört ýaşaýjynyň ölendigini mälim etdiler.

Resmileriň habar bermegine görä, müňlerçe demonstrant köçelere çykyp, hindi häkimiýetine garşy şygarlary gygyryp, daş zyňyp başlandan soňra polisiýa olara garşy ot açypdyr.

Srinagaryň özünde hem demonstrasiýalar geçirildi. Bu ýerde protestçiler tarapyndan has köp ýörişleri geçirmäge çagyryş edilenden soň, 2-nji aprelde mekdepler ýapyldy.

Bu protestler Hindistanyň harby güýçleri Kaşmiriň günortasynda gozgalaňlara garşy operasiýalary başladandan soňra geçirilip başlandy.

1947-nji ýylda britan häkimiýeti tamamlanandan soň, Kaşmir sebiti Hindistanyň we Pakistanyň arasynda ikä bölündi. Iki tarap hem bu sebitiň doly özlerine degişlidigini öňe sürýär. 1947-nji ýyldan bäri Pakistan bilen Hindistanyň arasynda Kaşmir sebiti bilen bagly iki gezek uruş boldy.

XS
SM
MD
LG