Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Erdogan we Rohani bilen duşuşmak üçin şu hepde Türkiýä sapar edýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 2017-nji ýyl
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 2017-nji ýyl

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin türk we eýranly kärdeşleri bilen gepleşikleri geçirmek üçin şu hepde iki günlük sapar bilen Türkiýä barar.

Ýokary derejeli türk-rus hyzmatdaşlyk geňeşiniň bir bölegi hökmünde Putiniň 3-nji aprelde Ankarada Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Kremliň 2-nji aprelde beren maglumatyna görä, bu duşuşygyň çäginde söwda we ykdysady ulgamlar boýunça özara hyzmatdaşlyk, “hususan-da, energiýa pudagy boýunça bilelikdäki strategik proýektleri” amala aşyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle-de, maglumatda iki lideriň telekonferensiýa arkaly Türkiýäniň “Akkuýu” atom elektrik stansiýasynyň birinji böleginiň gurluşygyna badalga bermegine garaşylýandygy aýdylýar.

Kremliň habarynda Putiniň we Erdoganyň 4-nji aprelde Ankarada Eýranyň prezidenti Hassan Rohani bilen geçirjek gepleşiklerinden öň, “regional we halkara meseleleri, şol sanda terrorizme garşy bilelikdäki göreşi we Siriýadaky ýagdaýlary” maslahat etmegi planlaşdyrýandygy mälim edildi.

Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän konflikte Russiýa, Türkiýe we Eýran içgin gatnaşýarlar we olar Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerine hemaýatkärlik edýärler.

XS
SM
MD
LG