Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ankarada Putin bilen Erdogan duşuşýar


Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin 3-nji aprelde Ankarada türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan bilen duşuşýar. Bu Putiniň geçen aý gaýtadan prezidentlige saýlanaly bäri daşary ýurda amala aşyrýan ilkinji saparydyr.

Kremliň maglumatynda Putiniň we Erdoganyň telekonferensiýa arkaly Türkiýäniň “Akkuýu” atom elektrik stansiýasynyň birinji böleginiň gurluşygyna badalga berjekdigi aýdylýar. Bu desga Russiýa bilen hyzmatdaşlyk esasynda gurulýar.

Şeýle-de, bu duşuşygyň çäginde söwda we ykdysady ulgamlar boýunça özara hyzmatdaşlyk, “hususan-da, energiýa pudagy boýunça bilelikdäki strategik proýektleri” amala aşyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

4-nji aprelde rus we türk liderleriniň duşuşygyna Eýranyň prezidenti Hasan Rohaniniň hem goşulyp, olaryň Siriýada ýedi ýyl bäri dowam edýän konflikt barada gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Bu konflikte Russiýa, Türkiýe we Eýran içgin gatnaşýarlar we olar Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirilýän parahatçylyk gepleşiklerine hemaýatkärlik edýärler.

XS
SM
MD
LG