Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

CPJ Askarowyň we başga-da bäş žurnalistiň azatlyga goýberilmegi üçin kampaniýa başlatdy


Azimjan Askarow
Azimjan Askarow

Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) 2-nji aprelde özüniň “Mediany azat et” atly ýyllyk kampaniýasyna başlap, Gyrgyzystanda türmä basylan Azimjan Askarowyň we beýleki ýurtlarda gözenekleriň aňyrsynda saklanýan “gaýduwsyz” žurnalistleriň ykbalyna ünsi çekmäge çalyşýar.

“Žurnalistlere özleriniň unudylmandygyny we olary tussag eden hökümete dünýäniň olara syn edýändigini ýatlatmak üçin, tarapdarlara fiziki we digital otkrytkalary ugratmagy teklip edýäris” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän komitetiň websaýtyndaky maglumatda aýdylýar.

Şele-de, habarda şu ýyl Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň kampaniýasynda Gyrgyzystanda, Müsürde, Türkiýede, Kongo respublikasynda we Hytaýda özüniň işi üçin türmä basylan bäş žurnalistiň ykbalyna üns çekilýändigi mälim edilýär.

Garaşsyz habar websaýty bilen hyzmatdaşlyk eden we hukuk goraýjy aktiwist Askarow Gyrgyzystanda ömürlik türme tussaglygyny ýerine ýetirýär.

XS
SM
MD
LG