Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook Russiýanyň ‘trol zawody’ bilen ilteşikli hasaplary, sahypalary pozdy


Feýsbuk sosial ulgamynyň esaslandyryjysy we baştutany Mark Zukerberg
Feýsbuk sosial ulgamynyň esaslandyryjysy we baştutany Mark Zukerberg

Facebook sosial ulgamy Birleşen Ştatlarda 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlaryna täsir ýetirmäge gönükdirilen syýasy hereketler diýlip aýyplanýan rus “trol zawody” bilen ilteşikli sahypalaryň onlarçasyny pozdy.

Kompaniýa özüniň 3-nji aprelde giçlik ýaýradan maglumatynda 70 Facebook hasabynyň, 138 Facebook sahypasynyň we 65 sany Instagram hasabynyň ýapylandygyny mälim etdi. Olaryň 95%-i rus dilindedi.

Habarda pozulan hasaplaryň we sahypalaryň Facebook sosial ulgamynda 1 million, Instagramda 500,000 yzarlaýjysynyň bardygy aýdylýar. Bu yzarlaýjylaryň aglabasy Russiýada, Ukrainada we Azerbaýjan, Özbegistan ýaly ýurtlarda ýerleşýär.

Facebook kompaniýasy pozulan sahypalaryň nusgalaryny görkezip, bu sahypalarda ýerli we halkara syýasy meseleleriň maslahat edilendigini, rus medeniýetiniň we syýahatçylygynyň mahabatlandyrylandygyny, şeýle-de, olarda “gündelik meseleleriň has köp” gürrüň edilendigini aýdýar.

Şeýle-de, maglumatda pozulan makalalaryň we sahypalaryň aglabasynyň düýbi Orsýetde ýerleşýän we “FAN” diýlip tanalýan Federal habar gullugy tarapyndan çap edilendigi mälim edilýär.

XS
SM
MD
LG