Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak ‘Ratel.kz’ online habar websaýtynyň baş redaktory töhmet atmakda aýyplanýar


Gazagystanyň “Ratel.kz” online habar websaýtynyň baş redaktory Marat Asipow
Gazagystanyň “Ratel.kz” online habar websaýtynyň baş redaktory Marat Asipow

Gazagystanyň “Ratel.kz” online habar websaýtynyň baş redaktory özüniň ýokary derejeli töhmet dawasynda resmi taýdan şübheli diýlip yglan edilendigini aýdýar.

Marat Asipow 4-nji aprelde giçlik Almaty şäherinde žurnalistlere beren maglumatynda derňewçiler tarapyndan özüniň sekiz sagat soraga çekilendigini belledi.

Şeýe-de, Asipow sosial ulgamlarda ýazan maglumatynda “Ratel.kz” websaýtynyň Facebook hasabynyň hem ýapylandygyny mälim etdi.

Mart aýynyň ahyrynda gazak sudy “Ratel.kz” websaýtyny petiklemek barada karar çykarypdy.

2-nji aprelde bolsa, Almaty şäheriniň polisiýasy “Ratel.kz” websaýtynyň we “Forbes” žurnalynyň ýerli edaralaryna reýdleri geçiripdi.

Gazagystanyň içeri işler ministri Kalmuhanbet Kasymow “raýat Kakimžanow” diýlip atlandyrylýan adam tarapyndan şikaýat gelip gowşandan soň, polisiýanyň reýdleri geçirendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu raýat iki media serişdesini özi barada töhmet atýan maglumatlary ýaýratmakda aýyplaýar.

Ýerli media ýurduň öňki maliýe ministri Zeinulla Kakimžanowyň agzalýan iki habar serişdesiniň çap eden makalalaryna garşy suda şikaýat bilen ýüz tutandygyny habar berýär. Gürrüňi edilýän makalalarda Kakimžanowy we onuň ogluny öz içine alýandygy aýdylýan korrupsiýa meselesi derňelýär.

XS
SM
MD
LG