Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň orsýetli milliarderlere garşy täze sanksiýalary girizjekdigi aýdylýar


Orsýetli milliarder Alier Usmanow we Roman Abramowiç
Orsýetli milliarder Alier Usmanow we Roman Abramowiç

Birleşen Ştatlar Russiýa garşy sanksiýalaryň täze tapgyryny girizmegi planlaşdyrýar, bu gezek prezident Wladimir Putin bilen ilteşigi bolan rus milliarderleri nyşana alynýar diýlip, media maglumatlarynda habar berilýär.

Reuters we The Washington Post neşirleri anonim şertde gürleşen Birleşen Ştatlaryň resmilerine salgylanyp, Birleşen Ştatlaryň kanunyna laýyklykda orsýetlileriň azyndan bäşisine garşy sanksiýalaryň giriziljekdigini aýtdylar. Munuň Moskwanyň 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen prezident saýlawlaryna gatyşmagy diýilýän waka bilen bagly ar alyş çäresi hökmünde amala aşyrylýandygy bellenilýär.

The Washington Post neşiri täze sanksiýalarda şu ýylyň ýanwar aýynda ABŞ-nyň Hazyna departamenti, ýagny Maliýe ministrligi tarapyndan ýaýradylan sanawdaky baý adamlaryň nyşana alynjakdygyny ýazýar. Bu adamlaryň arasynda Russiýanyň “Gazprom” kärhanasynyň ýolbaşçysy Alekseý Miller we “Rosneft” kompaniýasynyň başlygy Igor Seçin dagy bar.

Reuters neşiri täze sanksiýalaryň 5-nji aprelde yglan edilip bilinjekdigini mälim etse, The Washington Post bu çäräniň 6-njy aprelde amala aşyryljakdygyny belleýär.

XS
SM
MD
LG