Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň seminara çagyran eksperti ýurda goýberilmedi


Inga Sikorskaýa, media eksperti

Merkezi Aziýadaky parahatçylyk dörediji we media-tehnologiýa mekdebiniň programma direktory Inga Sikorskaýa ÝHHG-nyň Aşgabatdaky seminaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana goýberilmedi diýip, mekdebiň 6-njy aprelde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Sikorskaýa 5-6-njy aprelde geçýän seminara ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan çagyryldy we, ekspert hökmünde, internetiň terrorçylykly maksatlar üçin ulanylmagyna garşy görülmeli çäreler boýunça çykyş etmelidi.

I.Sikorskaýanyň Aşgabatdaky ÝHHG-dan resmi çakylygynyň we 3-nji aprele alnan awia biletleriniň bardygyna, çykyş etmelileriň sanawyna girizilendigine garamazdan, Merkeziň wekili oňa “wiza goldawy üçin hat almagyň başartmandygyny” habar berdi.

Parahatçylyk dörediji we media-tehnologiýa mekdebi Inga Sikorskaýanyň ýurda girmeginiň gadagan edilmegini Türkmenistanda garaşsyz ekspertlere görkezilýän basyş praktikasynyň saklanyp galmagy, olaryň öz işlerini päsgelçiliksiz ýerine ýetirmek hukuklarynyň sylanmazlygy hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG