Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe iki täjik oppozisionerini Türkiýeden ekstradisiýa etjek bolýar


Nasim Şaripow we Suhrobi Zafar.

Täjik resmileri 19-njy martda Stambulda tussag edilen iki oppozisiýa wekilini ekstradisiýa etmek üçin, Türkiýä resmi taýdan ýüzlendi.

Täjigistanyň Içeri işler ministrligi Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Duşenbäniň Ankara bilen “Topar 24” oppozisiýa toparynyň lideri Suhrobi Zafary we beýleki bir oppozisiýa guramasynyň wekili Nasim Şaripowy ekstradisiýa etmek boýunça gepleşikleri geçirýändigini mälim etdi.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän “Human Rigths Watch” guramasynyň Merkezi Aziýa boýunça derňewçisi Stiw Swerdlowyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, Türkiýäniň Konstitusion sudy oppozisionerleriň Täjigistanda gynamalara sezewar edilip bilinjekdigi baradaky howatyrlanmalar sebäpli, olaryň ekstradisiýa edilmegini saklapdyr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG