Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Müsür: Kiliselere hüjüm etmekde aýyplanýan 36 adam ölüm jezasyna höküm edildi


Kairyň Goptik katedraly

Müsüriň harby sudy 10-njy aprelde Goptik Hristianlarynyň kiliselerine garşy amala aşyrylan üç bombaly hüjüme ilteşikli bolmakda güman edilýän 36 adamy ölüm jezasyna höküm etdi. Hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistik topary öz üstüne alypdy.

2017-njy ýylyň aprelinde janynda geçenleriň Nilde Delta we Aleksandriýa şäherlerindäki kiliselere garşy amala aşyran hüjümlerinde 46 adam heläk bolupdy.

2016-njy ýylyň dekabrynda janyndan geçeniň Kairyň esasy Goptik katedralyna garşy amala aşyran hüjüminde 28 adam ölüpdi.

Müsüriň kanunçylygyna laýyklykda, harby sudunyň çykaran hökümi indi ýurduň baş müftüsiniň garmagyna ýollanar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG