Orsýetiň aragatnaşyga gözegçilik edýän edarasy Telegram messenjer tilsimini petikläp başlady. Bu waka geçen hepde Orsýetiň sudunyň meşhur Telegram tilsimine garşy karar çykarmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
16-njy aprelde Roskomnadzor ýörite beýanat ýaýradyp, 13-nji aprelde çykarylan sud kararyna laýyklykda, Telegram tilsimine “girmegi çäklendirmek” barada ýurduň internet prowaýderlerine duýduryş berlendigini mälim etdi.
Bu hereket, 18-nji martdaky saýlawlarda Wladimir Putiniň ýene alty ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanmagynyň yz ýany, Orsýetiň internet azatlygyny çäklendirmäge synanyşýandygy baradaky aladalary artdyrdy.
12-nji aprelde “Amnesty International” guramasy ýokary derejeli hökümet resmileri, şeýle-de Kremliň tankytçylary tarapyndan ulanylýan Telegram ulgamynyň petiklenmegi Orsýetde “online özüňi beýan etmek azatlygyna edilen ençeme hüjümiň iň soňkusy bolar” diýdi.
20-nji martda “Roskomnadzor” Telegram kompaniýasyna ulanyjylaryň hat alyş-çalşygyny okamak üçin zerur bolan şifrleme açarlaryny 15 günüň dowamynda Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugyna (FSB) bermegi tabşyrypdy. Mundan öň Orsýetiň Ýokary sudy Telegramyň bu talap dogrusynda eden şikaýatyny ret edipdi.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.