Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Rus resmileri: Himiki ýaraglaryň gözegçileriniň Douma barmagyna garaşylýar


Rus harbylary Douma şäherine gözegçilik eýärler.

Rus resmileri himiki ýaraglar boýunça halkara ekspertleriniň Siriýanyň Douma şäherine barýandyklaryny mälim etdiler. Bu aralykda, ABŞ Moskwanyň sebitde eýýäm “dellileri galplaşdyryň bilendigine” aladalanma bildirdi.

16-njy aprelde Himiki ýaraglar boýunça halkara gözegçi toparynyň ýolbaşçysy sebite barmaga heniz rugsadyň berilmändigini aýtdy.

Rus resmileri Douma barýan ýollarda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň seljerilýändigini, şeýle-de ekspertleriň şähere çarşenbe güni barmagyna garaşylýandygyny aýdýarlar.

7-nji aprelde Damaskyň etegindäki Douma şäherinde himiki ýaraglar bilen edilendigi çaklanylýan hüjümde 43 adamyň ölendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG