Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň oppozisiýasy protestleri dowam etdirmegi wada berdi


Protest aksiýasy, Ýerewan, 17-nji aprel, 2018.
Protest aksiýasy, Ýerewan, 17-nji aprel, 2018.

Ermenistanyň oppozisiýa agzasy Nikol Paşinian öňki prezident Serž Sarkisianyň premýer-ministr wezipesinde galmagyna ýol açýan parlament saýlawlaryna garşylyk bildirip, onlarça müň protestçiniň köçä çykmagyndan soň esasy hökümet binalarynyň “gabalmagyny” dowam etdirmegi wada berdi.

“Zorlukly däl, mahmal, halk rewolýusiýasy Ermenistanda başlandy” diýip, Paşinian 17-nji aprelde ýurduň paýtagtynyň merkezi meýdançasynda jemlenen müňlerçe adamyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Oppozisiýa wekili öz tarapdarlaryny gijelerini Ýerewanyň köçelerinde geçirmegi bes etmäge çagyrdy emma 18-nji aprelde ýene jemlenmäge çagyrdy.

Demonstrantlar Ermenistanyň baýdaklaryny göterip durdular we "Armenistan Serž Sarkisiansyz” diýlen mazmunly şygarlary öňe sürdüler.

Paşinian protestçileriň öňünde eden çykyşynda “Sarkisianyň bikanunçylyga baş goşup, ermenileriň ýigrenjini gazanandygyny” aýtdy.

Protestler ýurduň beýleki şäherlerinde hem geçirildi. Ýerli media serişdelerine görä, Gýumri we Wanadzor şäherlerinde protest çykyşlary bolupdyr.

Ermenistanyň parlamenti Serž Sarkisianyň prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyndan 8 gün geçensoň, ony häkimiýet başynda galdyrmagy makullap, karary 76 ses bilen goldady, 17 ses garşy çykdy.

Sarkisianyň 17-nji aprelde premýer-ministr wezipesine bellenmegi bilen bir wagtda polisiýa azyndan 80 protestçini tussag etdi.

XS
SM
MD
LG