Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahal welaýatynda uzynlygy 15 kilometrlik suw geçiriji desga işe girizildi


Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etraby (arhiw suraty)
Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Kaka etraby (arhiw suraty)

Türkmenistanyň Ahal welaýatynda 15 kilometrlik suwgeçiriji desgasy işe girizildi. Resmi medianyň 17-nji aprelde habar bermegine görä, Hywaabat-Kaka suwgeçiriji desganyň açylyş dabarasyna ýurduň Oba we Suw hojalygy ministrlikleriniň we BMG-niň Ösüş programmasynyň wekilleri gatnaşypdyr.

Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dew Jeneral Trading” kompaniýasy tarapyndan energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagynda gurlan gidrosistema oba hojalygy, agyz suwy we hojalyk üçin niýetlenen suw üpjünçiligini dolandyrmaga mümkinçilik döredýär.

Her gije-gündizde ýerli suw üpjünçilik sistemasyna Laýynsuw derýasyndan 14 müň kubometr, ýagny her sekundda 165 litr suw akdyrylar diýip, TDH döwlet agentligi habar berýär.

Türkmenistanda ilatyň agyz suwunyň we oba hojalyk üçin suwuň ýetmezçiliginden ýyllarboýy kösenýändigi habar berilýär. Hususan-da, paýtagt Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda suw üpjünçiligini yzygiderli kesilip durýar.

XS
SM
MD
LG