Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp, Makron soňky möhletden öň Eýranyň ýadro şertnamasy barada maslahat eder


Prezidentler Donald Tramp we Emmanuel Makron, Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr, 2017.
Prezidentler Donald Tramp we Emmanuel Makron, Nýu-Ýork, 18-nji sentýabr, 2017.

Uly derejeli amerikan resmisi žurnalistlere prezident Donald Trampyň we prezident Emmanuel Makronyň indiki hepde Ak tamda duşuşanlarynda, Eýranyň ýadro şertnamasy barada maslahat etjekdiklerini aýtdy.

Ol resmi 20-nji aprelde geçirilen brifiňde Trampyň fransuz lideri bilen beýleki meseleler, şol sanda ýurtlaryň Damaskyň golaýyndaky Duma edilendigi güman edilýän himiki hüjüme jogap edip, Siriýa bilelikde uran harby zarbalary barada hem gürleşjekdigini aýtdy.

Makronyň Birleşen Ştatlara sapary 23-25-nji aprele planlaşdyrylýar we ol öz saparynyň soňky gününde Kongresiň bilelikdäki sessiýasynda çykyp gürlär.

Tramp Birleşen Ştatlaryň 2015-nji ýylda beýleki dünýä döwletleri we Eýran bilen gol çeken ýadro ylalaşygyndan çykjakdygyny aýdyp, haýbat atdy. Bu ylalaşyk Tährana ýadro programmasyny jylawlamak arkaly maliýe sanksiýalaryndan boşamak mümkinçiligini berdi.

Tramp ozalky prezident Barak Obamanyň döwründe gepleşilen şertnamany ýa gowulandyrmak, ýa ondan ýüz öwürmek üçin 12-nji maýa çenli wagt berdi.

Tramp Tährany ýadro ylalaşygynyň ruhuny bozmakda aýyplaýar we ýewropa döwletlerini bu şertnamada bar diýýän “aýylganç kemçiliklerini” düzetmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG