Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul partlamasynda ölenleriň sanynyň ellä golaýlandygy aýdylýar


Kabul, saýlawçylar hasaba alynýar.
Kabul, saýlawçylar hasaba alynýar.

Owgan resmileri Kabul partlamasynda ölenleriň sanynyň 48-e çykandygyny, ýaraly bolanlaryň 112 adam bolandygyny aýdýarlar.

Owganystanyň saglyk resmileri başda 22-nji aprelde guralan hüjümde ölenleriň sany dört, ýaraly bolan 15 adam diýdiler.

Janyndan geçen bombaçy Kabulda saýlawçylary hasaba alýan merkezde saýlawçynyň şahsyýetini tassyklaýan karty almak üçin toplanan mähelläni nyşana aldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" ekstremist topary öz üstüne aldy.

Hüjüm şäheriň günbatarynda, şaýylaryň köplük bolup ýaşaýan ýerinde guraldy. Ozal hem bu ýerde guralan hüjümleriň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremist topary öz üstüne alypdy.

Owganystan 14-nji aprelde uzak gijikdirilen we oktýabrda geçiriljek parlament saýlawlary üçin ses berijileri hasaba almaga başlady.

XS
SM
MD
LG