Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan: Protestler dowam etdi, Serž Sarkisian hökümet başyndan çekildi


Harby geýimli ýaşlar hem protestçilere goşuldy, Ýerewan, 23-nji aprel, 2018
Harby geýimli ýaşlar hem protestçilere goşuldy, Ýerewan, 23-nji aprel, 2018

Serž Sarkisian Ermenistanyň hökümet baştutany wezipesinden çekilýändigini yglan etdi.

23-nji aprelde irden Ermenistanyň paýtagty Ýerewanda protestler ýene dowam etdirilipdi. Protestçiler premýer-ministr Serž Sarkisian we onuň hökümeti iş başyndan çekilýänçä öz çykyşlaryny dowam etdirmegi wada berdiler.

Onlarça müň protestçi polisiýanyň duýduryşyna garamazdan, oppozisiýa lideri Nikol Paşinianyň tussag edilmeginiň yzýany Ýerewanyň Respublika meýdançasynda jemlendi.

Bir gün öň protestçiler, çykyşlaryny “merkezleşdirilmedik” görnüşde amala aşyrmagy we uly bolmadyk toparlara bölünip, şäheriň dürli böleklerinde ýöriş geçirmegi we öz närazylygyny beýan etmegi ylalaşdylar.

Protestçiler Serž Sarkisianyň Ermenistanyň prezidenti wezipesiniň möhletiniň tamamlanmagyndan soň 17-nji aprelde premýer-ministr wezipesine bellenmegine garşylyk bildirdiler.

21-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serž Sarkisiany Ermenistanyň hökümet baştutany wezipesine geçmegi bilen gutlady.

XS
SM
MD
LG