Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen hökümeti bank kartlarynyň täze görnüşlerine seretdi


Türkmen banklarynyň çykaran Visa kartlary (arhiw suraty)
Türkmen banklarynyň çykaran Visa kartlary (arhiw suraty)

Türkmenistanyň hökümeti bank kartlarynyň täze görnüşlerini hödürledi.

Türkmenistanyň resmi mediasynyň maglumatlaryna görä, fiziki şahslaryň hasap açmak üçin ulanmagyna niýetlenen täze kartlaryň nusgalary döwlet baştutanyna 20-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda hödürlenipdir we prezident G.Berdimuhamedow “bank kartlarynyň hödürlenen görnüşleri boýunça birnäçe bellik edip, wise-premýere tabşyryk beripdir”. Täze bank kartlaryna degişli has jikme-jik maglumat berilmedi.

Türkmen hökümetiniň bank kartlarynyň täze görnüşlerine seretmek boýunça bu çäresi türkmen banklarynyň müşderileriniň VISA we Mastercard bank kartlaryndan ýurduň daşynda nagt pul çekmekde we tölemekde kynçylyk çekýän döwrüne gabat geldi. Garaşsyz dürli çeşmelere görä, geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri türkmen banklarynyň çykaran plastik kartlaryndaky pullar ýurduň daşynda kart eýeleriniň tas ählisine elýeterli däl.

Şeýle-de, türkmen hökümetiniň 20-nji aprelde geçiren maslahatynda ýurtda “täze bank önümlerini ornaşdyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak hem ýokary hünärli bilermenleri taýýarlamak boýunça aktiw iş geçirilýändigi” barada hasabat berilendigi aýdyldy.

XS
SM
MD
LG