Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň dolandyryjy partiýasy oppozisiýa bilen şertsiz gepleşige razy boldy


Ýerewan, oppozisiýa goldawçylary, 26-njy aprel, 2018 ý.
Ýerewan, oppozisiýa goldawçylary, 26-njy aprel, 2018 ý.

Ermenistanyň dolandyryjy Respublika partiýasy häkimiýeti Nikol Paşiýana tabşyrmak baradaky ösýän talap astynda özüniň islendik meseläni” oppozisiýa lideri bilen maslahatlaşmaga taýýardygyny aýtdy. Ýogsa ozal bu partiýa Paşinýanyň şertleri esasynda gepleşik geçirmekden ýüz öwrüpdi.

25-nji aprel güni giçlik yglan edilmegine görä, Respublika partiýasy uzak wagtlyk lider, premýer-ministrlikden çekilen Serž Sarkisýanyň täze ýolbaşçy bilen çalşyrylyp, saklanyp galan wezipesinden, partiýa ýolbaşçylygyndan hem boşadyljakdygyny aýtdy.

Bu habar partiýa agzalary Sarkisýan we iş başyndaky premýer-ministr Karen Karapetýanbilen Ermenistandaky syýasy krizisi ara alyp maslahatlaşandan soň ýaýrady. Onda Sarkisýanyň Respublika partiýasyndan saýlanan deputatlary “durnuklylygy we ýurt howpsuzlygyny” özleriniň baş wezipelerine öwürmäge çagyrandygy aýdylýar.

Şeýle-de bu maglumatda partiýanyň kanun çykaryjylar fraksiýasynyň ähli taraplar bilen hiç bir şert goýmazdan islendik mesele barada gürleşmäge taýýardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG