Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni parlamenti 1-nji maýda täze premýer-ministri saýlamak üçin ses berer


Ýerewan protestçileri, 26-njy aprel, 2018 ý.
Ýerewan protestçileri, 26-njy aprel, 2018 ý.

Ermeni parlamentiniň spikeri Ýerewandaky kanun çykaryjy organyň 1-nji maýda işden çekilen Serž Sarkisýanyň ornuna ýurduň nobatdaky premýer-ministrini saýlamak üçin ses berjekdigini aýtdy.

Spiker Ara Babloýan 26-njy aprelde Ermenistanyň Respublika partiýasynyň häkimiýeti oppozisiýa lideri Nikol Paşinýana tabşyrmak barada barha ýokarlanýan basyşa uçramagysebäpli ýörite parlament sessiýasynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Emma Sarkisýanyň işden çekilmegine we 25-nji aprelde dolandyryjy Respublika partiýasynyň kiçi hyzmatdaşynyň dolandyryjy koalsiýadan çykmagyna garamazdan, Respublika partiýasy şindi hem 105 orunly parlamentde 58 deputat bilen köplük bolup galýar.

Indiki premýer-ministriň ornuna geçmek üçin öz kandidatlygyna goldaw almak maksady bilen, Paşinýan 26-njy aprelde beýleki parlament fraksiýalary bilen hem duşuşdy.

Oppozisiýadaky bir blok 25-nji aprelde özleriniň bu wezipä kandidat hökmünde resmi ýagdaýda Paşinýany hödürlejekdigini yglan etdi.

Paşinýan 26-njy aprelde parlamentdäki ikinji uly köplük bolan fraksiýanyň – oppozisiýadaky Tsarukýan ýaranlygynyň lideri Gagik Tsarukýan bilen duşuşandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG