Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) 24-25-nji aprelde Aşgabatda pul ýuwmak, terrorçylygy maliýeleşdirmek we korrupsiýa görkezijilerine bagyşlanan seminar geçirdi.
Seminara Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, maliýe edaralarynyň we hukuk goraýjy guramalaryň, şeýle-de gozganmaýan emläk we barlag kompaniýalarynyň 35-e golaý wekili gatnaşdy.
Latwiýaly, polşaly ekspertler bikanun pul serişdelerini kanunlaşdyrmagyň öňüni almak, korrupsiýa we terrorçylyga garşy durmakbilen bagly halkara standartlary, kanun-kadalar barada maglumat berdiler diýip, ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi habar berýär.
Türkmenistanda geçen ýylyň maýynda turan korrupsiýa galmagalyndan soň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek boýunça döwlet gullugy döredildi. Başda bu gulluk üsti açylýan korrupsiýa jenaýatlary barada ýygy-ýygydan maglumat berdi. Emma soň üsti açylýan jenaýatlaryň möçberi we olar barada berilýän maglumatlar azaldy.
Eger ýurdtda aklowjyny ýada ýüristi öz hünär işi üçün türme basýan bolsalar onda ol döwletiň bahasy kör köpükdir!.