Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürji milliarderi Iwanişwili häkimiýet başyndaky partiýanyň lideri bolar


Gürjüstanyň ozalky premýer-ministri Bidžina Iwanişwili
Gürjüstanyň ozalky premýer-ministri Bidžina Iwanişwili

Gürjüstanyň ozalky premýer-ministri we milliarder Bidžina Iwanişwili häkimiýet başyndaky, özüniň esaslandyran, Gürji Arzuwy partiýasynyň başyna geçer.

Partiýanyň häzirki lideri, premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili özüniň we partiýanyň beýleki liderleriniň haýyşy esasynda, Iwanişwiliniň partiýanyň başyna geçmäge razy bolandygyny mälim etdi.

Merkezi-sagçy Gürji Arzuwy partiýasy 2012-nji ýylda geçirilen parlament saýlawlarynda ozalky prezident Mihaýil Saakaşwiliniň Birleşen Milli Hereket partiýasyndan üstün çykmagy başarypdy.

Bu ýeňişden soň, Iwanişwili bir ýyl töweregi premýer-ministr wezipesinde işläp, mundan soň syýasatdan çekilýändigini yglan edipdi. Şonda Iwanişwiliniň partiýanyň üsti bilen, özüniň güýçli täsirini saklap galjakdygy çaklanypdy.

Gürji Arzuwy partiýasy häkimiýet başyna geçenden soň, ozalky prezident Saakaşawiliniň onlarça ýaranlary korrupsiýa we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak aýyplamalary esasynda derňewe çekilipdi.

XS
SM
MD
LG