Geçen ýyl Stokgolmda ýük ulagy bilen hüjüm edip, bäş adamy öldürendigini boýun alan özbegistanlynyň sud diňlenişiginiň soňky tapgyry 2-nji maýda Stokgolmyň etrap sudunda geçirilýär.
Şu ýylyň fewral aýynda Rahmat Akilow özüniň geçen ýylyň 7-nji aprelinde ýük ulagyny pyýadalaryň geçýän köçesine sürüp, üç şwedi, şol sanda 11 ýaşyndaky gyzy, şeýle-de britan adamy we belgiýaly zenany öldürendigini boýun aldy. Şol wakada başga-da 10 adam ýaralanypdy.
Geçen hepde 40 ýaşyndaky Akilowyň ömürlik türme tussaglygyna höküm edilmegine çagyryş edildi. Iki aý dowam eden sud diňlenişiginiň dowamynda 100-den gowrak adam, şol sanda wakada aman galanlar we olaryň dogan-garyndaşlary şaýat bolup çykyş etdi.
2016-njy ýylda Şwesiýanyň häkimiýetleri tarapyndan gaçybatalgasy ret edilen Akilow hüjümden bir gün öň “Yslam döwleti” toparyna wepalylyk kasamyny edýär. Ýöne şol hüjümiň jogapkärçiligini ne “Yslam döwleti” topary, ne-de beýleki bir topar öz üstüne aldy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?