Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada jeňçiler Russiýanyň hödürlän ylalaşygyny kabul etdiler


Homsdaky jeňçiler.

Siriýa jeňçileri Russiýanyň hödürlän ylalaşygy esasynda Homsuň töweregindäki ele geçirilen sebitlerinden yza çekilmäge razy bolandyklaryny yglan etdiler.

Gürrüňi gidýän ylalaşyk 2-nji maýda yglan edilipdi. Siriýa resmileri we Hizbullah harbylary sebitde hökümetiň gözegçiliginiň ýola goýuljakdygyny we jeňçileriň özleriniň agyr ýaraglaryny tabşyrjakdyklaryny mälim etdiler.

Ylalaşyga laýyklykda, jeňçilere siriýa hökümetine ygrarlygyny bildirmek mümkinçiligi berilýär. Razy bolmadyk jeňçileriň bolsa, sebiti 5-nji maýda terk etmegine garaşylýar.

On müňlerçe adam Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň häkimiýeti astynda täzeden ýaşamakdan ýüz öwrüp, ýurduň demirgazyk sebitlerine göçdüler.

XS
SM
MD
LG