Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň iki kömür käninde 23 magdançy heläk boldy


Pakistan. Kwettanyň etegindäki kömür käniniň işçisi
Pakistan. Kwettanyň etegindäki kömür käniniň işçisi

Günorta-gündogar Pakistanda aýry-aýrylykdaky iki kömür käninde bolan hadysalarda 23 magdançy öldi, 11-si bolsa ýaralandy diýip, resmiler aýdýar.

Pakistanyň tebigy betbagtçylyklara garşy göreş edarasynyň direktory Attaullah Han 5-nji maýda Bulujystan welaýatyndaky Marwar kömür känindäki ýangyna metan gazynyň toplanmagynyň sebäp bolandygyny aýtdy. Bu ýangyn käniň çökmegine we köp işçiniň ýolunyň baglanmagyna getirdi.

"Biz 11 jesedi çykaryp aldyk” diýip, Han ýene alty jesediň şindem aşakda çykarylman ýatandygyny sözüne goşdy.

Marwar kömür känleri Bulujystanyň paýtagty Kwettaden 60 km uzaklykda ýerleşýär.

Kwettadaky ýokary derejeli hökümet resmileriniň biri Jawaid Şahwani käniň içindäki 25 adamyň 16-synyň heläk bolandygyny, galanlarynyň halas edilendigini we bejermek üçin hassahana ýerleşdirilendigini aýtdy.

Şuňa meňzeş ýagdaýda çöken Spin Karez käninde hem 7 adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG