Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidenti Berdimuhamedowyň saparynda ýüze çykan bir ýagdaý sebäpli, gorag gullugynyň başlygyny çetleşdirdi


Türkmen prezidenti özbek kärdeşi bilen.
Türkmen prezidenti özbek kärdeşi bilen.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, türkmen prezidentiniň bu ýurda eden saparynyň çäginde ýüze çykan bir hadysa bilen ilteşikli, özüniň gorag gullugynyň başlygy Abdurahim Mominowy wezipesinden boşatdy we Daşkendiň polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugynyň başlygy Barat Mamenowy türmä basdy.

Atlandyrylmasyzlygyny soran Iki özbek resmisi bu waka barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdiler.

Aýdylmagyna görä, 23-nji aprelde Daşkentde Mirziýoýewiň Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýöräp barýan mahaly, polisiýanyň bir ulagy sirenasyny, ýagny howsala signalyny çatyp, olaryň ýanyndan geçipdir. Özbek prezidentiniň bolsa, bu ýagdaýa gahary gelipdir.

Azatlyk Radiosyna maglumat beren resmiler Mominowyň Adatdan daşary ministrliginde başga bir wezipä geçirilendigini, Mamenowyň hem baş günlük türmä basylandygyny aýtdylar.

Mamenow 28-nji aprelde azatlyga goýberilse-de, 30-njy aprelde täzeden tussag edilip, “öz iş ýerinden eli gandally äkidilipdir”.

Maglumat beren emeldarlar bu barada açyk gürrüň bermekden ýüz öwürdüler. Bu ýagdaýlar resmi derejede tassyklatmak hem başartmady.

XS
SM
MD
LG