Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Türkmenhimiýanyň' başlygynyň orunbasary ‘düýpli kemçilikler’ üçin işden boşadyldy


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary ‘düýpli kemçilikler’ üçin işden boşadyldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Durdy Aşyrmämmedow işde goýberen “düýpli kemçilikler” üçin wezipesinden boşadyldy diýip, TDH döwlet täzelikler agentligi habar berdi.

Resmi maglumata görä, döwlet resmisiniň işden çetleşdirilmegi hakynda permana Türkmenistanyň prezidenti 7-nji maýda gol çekipdir.

Bir aýa golaý döwrüň dowamynda Türkmenistanda ýokary wezipeli resmileriň onlarçasy boşadyldy. Olaryň ählisiniň işden çetleşdirilmegine “düýpli kemçilikleriň” sebäp bolandygy aýdyldy, emma kemçilikleriň nämeden ybarat bolandygy aýdylmady.

XS
SM
MD
LG