Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ermenistan bilen diplomatiki gatnaşyklary ‘maslahat etmäge taýýar’


Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim
Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim

Türkiýäniň premýer-ministri öz ýurdunyň Ermenistanyň täze lideri Nikol Paşiniýanyň diplomatiki gatnaşyklary ýola goýmak we uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän dartgynlylygy gowşatmak teklibini seretmäge meýillidigini aýtdy.

“Biz öz dostlarymyzyň sanyny köpeldip, duşmanlarymyzyň sanyny azaltmagy maksat edinýäris. Biz hiç kim, hususanda öz goňşylarymyz bilen gazaply bolmak islemeýäris” diýip, premýer-ministri Binali Ýildirim Ankarada žurnalistleriň öňünde çykyş etdi.

Türkiýe bilen Ermenistanyň arasynda diplomatiki gatnaşyklar ýokdur. Iki ýurduň serhet araçäkleri hem ýapyk bolmagynda galýar.

Ozalky oppozisiýa lideri Paşiniýan, ýurtda ençeme hepdeläp dowam eden hökümete garşy protestlerden soň, 8-nji maýda ýurduň täze premýer-ministri wezipesine saýlanypdy.

Paşiniýan häkimiýet başyna geçende: “Biz öz tutumymyza ygrarly bolmagymyza galýarys. Şeýle-de, biz hiç hili şert goýmazdan [Türkiýe bilen] gatnaşyklary ýola goýmaga taýýar” diýip, çykyş etdi.

XS
SM
MD
LG