Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Indoneziýada üç kilisä edilen hüjümde dokuz adam heläk boldy


Surabaýada kiliselere edilen hüjümlerde azyndan dokuz adam heläk boldy.

Indoneziýanyň Surabaýa şäherinde üç kilisä amala aşyrylan bomba hüjümlerde azyndan dokuz adam öldi, başga-da 40-a golaýy ýaralandy.

Ýerli polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Santa Mariýa kilisesine janyndan geçeniň biri hüjüm edipdir. Ol partlamada heläk boldy. Şäheriň beýleki iki kilisesine hüjüm eden jeňçileriň ykbaly häzirlikçe näbelli bolmagyna galýar.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Emma, ýurduň aňtaw resmileri hüjümleriň arkasynda ekstremist yslamçy “Jemaat Anşarud Daulah” toparynyň durandygyny çaklaýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG